Türkmenistanda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk görülýär

Prezident Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda çagalaryň we ýetginjekleriň tomusky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek meselelerine hem garady. Wise-premýer Batyr Mämmedow möwsüme görülýän taýýarlyk işleri barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, şu ýyl hem çagalaryň Gökderedäki, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky we welaýatlardaky dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde wagtlaryny şadyýan geçirmekleri üçin ähli amatly şertler dörediler. Häzirki wagtda bu merkezleri möwsüme doly taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýaş nesliň saglygyny berkitmegiň we olaryň gowy dynç almagyny guramagyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezidentimiz tomusky dynç alyş möwsümini ýokary derejede geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Şeýle hem