Türkmenistanyň gurluşyk ulgamynda täze ölçegler ulanyşa giriziler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 18-nji aprelde sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan ugurlaryna we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berdi.

Mejlisde gurluşyk ulgamynda milli çykdajy-ölçeg binýadyny kämilleşdirmek boýunça amala aşyrylan işler esasy meseleleriň biri boldy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedowyň hasabat bermegine görä, bu ugurdaky özgertmeler gurluşyk işlerine ylmy esasda çemeleşmäge we döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga täze şertleri döredýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk-gurnama we durkuny täzelemek işleriniň döwrüň talaplaryna doly laýyk gelmelidigini nygtady. 

Döwlet Baştutanymyz gurluşyk pudagynda täze milli çykdajy-ölçeg binýadynyň ulanyşa girizilmegi baradaky teklibi tassyklady.

Prezidentimiz wise-premýere täze ölçeg binýadyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi. Bu başlangyç ýurdumyzyň gurluşyk toplumynyň netijeliligini we bäsdeşlige ukyplylygyny has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

Şeýle hem