Türkmenistan Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Türkiýäniň Stambul şäherinde 2026-njy ýylyň 15-19-njy aprel aralygynda geçiriljek Parlamentara Bileleşigiň «Geljekki nesiller üçin umytdöretmek, parahatçylygy goramak we adalatlylygy üpjün etmek» atly tema boýunça 152-nji Assambleýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň metbugat gullugy habar berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Assambleýanyň çäginde guralan Zenan parlamentarileriň forumynda çykyş edip, ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň döwlet dolandyryşynda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda ornuny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň döwlet kepillikleri barada kanunçylygyň kämilleşdirilişi, şeýle hem milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we döwlet dolandyryş edaralarynyň düzüminde zenanlaryň paýynyň yzygiderli artýandygy barada aýratyn bellenip geçildi. Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň zenanlaryň hukuklaryny ählumumy derejede goramakda we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekde möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.

Şeýle hem