Türkmenistanyň Prezidenti HHR bilen gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy aprelde Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda saparda bolýan Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazeti habar berdi.

Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar giň ugurlary, şol sanda ykdysadyýet, medeniýet, ylym-bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Ýangyç-energetika pudagy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda ileri tutulýan ugur bolup durýar. Şu ýyl Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyny belläp geçmegi bu pudagyň strategik ähmiýetini tassyklaýar.

“Biz Mary welaýatynda «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga berýäris. Bu ugurdaky üstünlikler ýokary derejede syýasy dialogyň işjeň alnyp barylmagy bilen baglydyr” diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Söhbetdeşler türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklaryň, medeni-taryhy umumylygyň, ruhy gymmatlyklaryň baglanyşdyrýandygyny nygtap, söhbetdeşler umumy taryhy mirasy gorap saklamak boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler we medeni gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegi maksat edinýändiklerini tassykladylar.

Hormatly Prezidentimiz Hytaý bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýdyp, ýurdumyzyň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň umumy abadançylygyň bähbidine ugurlaryň giň gerimi boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Şeýle hem