Türkmenistan we BAE atçylyk pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Baýram Baýramow 14-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriň Arap atlary jemgyýetiniň (EAHS) Baş direktory jenap Mohamed Ahmed Al Harbi bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşyk atçylyk ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlandy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar degişli edaralaryň arasynda özara düşünişmek baradaky Ähtnamany taýýarlamak arkaly hyzmatdaşlygy resmi taýdan berkitmek mümkinçiliklerine seretdiler. Taraplar tehniki hyzmatdaşlyk, şol sanda sanly ulgam arkaly atlaryň şejeresini ýöretmek we weterinar kadalary ýaly ugurlarda pikir alyşdylar.

Taraplar geljekki bilelikdäki başlangyçlary utgaşdyrmak üçin yzygiderli gepleşikleri dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassyklap, bedew atyň iki ýurduň halklary üçin hem möhüm medeni nyşandygyny nygtadylar.

Şeýle hem