Türkmenistanyň Prezidenti Italiýanyň täze ilçisiniň ynanç hatyny kabul etdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 15-nji aprelde Italiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Martin Brugy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gün tertibi boýunça pikir alyşmagyň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, ulag-logistika, oba hojalygy ýaly ugurlarda gatnaşyklary giňeltmek üçin iki ýurduň hem uly mümkinçilikleriniň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berýär. Bu ugurda öňdebaryjy italýan kompaniýalary bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, “Eni” italýan kompaniýasy bilen alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlyga üns çekildi. Bu kompaniýa Türkmenistanyň ýangyç-energetika pudagynda iri taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýär.

Ulag-logistika ulgamy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň wajyp ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Ýurdumyzda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.

Medeniýet, bilim, ylym ulgamlary hem türkmen-italýan gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň hataryndadyr. Hususan-da, arheologiýa we muzeý işi boýunça hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge uly gyzyklanma bildirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde italýan dili öwredilýär.

Duşuşygyň ahyrynda diplomat Italiýada Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine ygrarly, ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garalýandygyny belläp, ilçi hökmünde iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.

 

Şeýle hem