Türkmenistan bilen BSGG-niň hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüş mümkinçiliklerine garaldy

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsew bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda habar berildi.

Bellenilişi ýaly, duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Şunda fewral aýynda Aşgabatda Türkmenistanyň Hökümeti we BSGG tarapyndan bilelikde guralan Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa boýunça ýokary derejedäki dialogyň netijelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar şu ýyl geçirilmegi meýilleşdirilen bilelikdäki çäreler barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge özara gyzyklanmalaryny tassykladylar hem-de saglygy goraýyş ulgamynda bilelikdäki başlangyçlarydyr taslamalary yzygiderli durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Şeýle hem