Ýurdumyzyň ähli sebitlerde ýazky at çapyşyk möwsümi dowam edýär. Bu mynasybetli geçirilýän dabaralar giň gerimi bilen tapawutlanyp, ýaryşlar medeni baýramçylyga öwrülýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron gazeti habar berýär.
Balkan atçylyk-sport toplumynda geçirilen çäreler munuň aýdyň mysalydyr.
Ýazky möwsümiň nobatdaky tapgyryna welaýatyň etraplaryndan we şäherlerinden 42 sany bedew gatnaşdy. At çapyşygy muşdaklary her bir ýaryşy gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Tejribeli çapyksuwarlaryň ussatlygy we bedewleri ýokary derejede dolandyrmak ukyby uly haýran galdyrdy.
Ýaryşlaryň çäklerinde 3, 4 ýaşly we uly ýaşdaky atlaryň arasynda 1200 metrden 1800 metre çenli aralyklarda jemi bäş bäsleşik geçirildi.
1200 metr aralyga geçirilen ilkinji ýaryşda 3 ýaşly 8 bedewiň arasynda ýeňiji T.Tülegenowyň «Dagdan» diýen dor aty bolup, ol aralygy 1 minut 27 sekuntda geçdi. Ikinji 1200 metrlik ýaryşda 3 ýaşly atlaryň arasynda S.Geldiýewiň çapyksuwarlyk eden «Şazada» diýen dor aty 1 minut 26,51 sekunt netijesi bilen pellehana ilkinji geldi.
Üçünji ýaryşda 4 ýaşly we ondan uly ýaşdaky 8 at 1800 metr aralyga gatnaşdy. Bu ýerde A.Orazowyň çapyksuwarlyk eden «Sylap» diýen gyzyl aty 2 minut 12,77 sekunt netijesi bilen ýeňiji boldy.
Dördünji 1800 metrlik ýaryşda 4 ýaşly we uly ýaşdaky atlaryň arasynda R.Akmämmedowyň çapyksuwarlyk eden «Dagarman» diýen gara aty 2 minut 12,45 sekunt wagtda ýeňiş gazandy.
Soňky, bäşinji 1800 metrlik ýaryşda uly ýaşdaky 9 bedew güýç synanyşdy. Bu çekeleşikli bäsleşikde T.Tülegenowyň çapyksuwarlyk eden «Kiçidag» diýen dor aty 2 minut 11,58 sekunt netijesi bilen pellehanany ilkinji bolup geçdi.
Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda ýörite baýraklar gowşuryldy.