Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Daşkentde sebitleýin parlamentara dialoga gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri 9-10-njy aprel aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen halkara maslahata gatnaşdylar. Bu çäre Ýewropa Bileleşiginiň «SWITCH-Asia» Maksatnamasynyň çäginde sirkulýar ykdysadyýeti ösdürmek boýunça üçünji sebitleýin parlamentara dialogy hökmünde guraldy. Bu barada Türkmenistanyň kanun çykaryjy edarasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Parlamentara dialogyň açylyşynda gatnaşyjylar bu halkara meýdançanyň durnukly ösüş we umumadamzat bähbitleri üçin möhüm ähmiýete eýedigini nygtadylar. Çäräniň çäginde Daşkent şäherindäki öňdebaryjy kärhanalarda sirkulýar ykdysadyýet boýunça amaly önümçilik tejribeligi hem guraldy.

Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili çykyş edip, ýurdumyzyň «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmakda gazanan tejribesi barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de ekologiýa abadançylygyny berkitmek, galyndylary azaltmak we ykdysadyýete innowasion tehnologiýalary hem-de maýa goýumlary çekmek boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bellenilip geçildi.

«Merkezi Aziýada sirkulýar ykdysadyýet boýunça milli öňegidişlikler» atly sessiýanyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleri öz döwletlerinde sirkulýar ykdysadyýete geçmekde gazanylan üstünlikler we geljekki strategik meýilnamalar barada aýdyp, özara tejribe alyşdylar.

Şeýle hem