Gahryman Arkadagymyz UNIDO bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin birnäçe başlangyçlary öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň (UNIDO) Baş direktory Gerd Müller bilen hem duşuşdy. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan UNIDO-nyň goldaw bermeginde amala aşyrylýan taslamalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň haly senagatyny ösdürmäge, dokma önümleriniň daşary ýurt bazarlaryna eksportyny giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň yzygiderli ilerlediljekdigine ynam bildirdi. Şeýle-de ýurdumyz Arkadag şäheriniň ikinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde tehniki hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär. Türkmenistanda bu taslama innowasion we durnukly senagat çözgütlerini ornaşdyrmak üçin netijeli meýdança hökmünde garalýar.

Gerd Müller Arkadag şäheriniň çäklerinde lukmançylyk klasteriniň döredilmeginiň saglygy goraýyş ulgamyna ýokary tehnologiýalaryň, senagat mümkinçilikleriniň üstünlikli ornaşdyrylmagynyň aýdyň mysaly bolup durýandygyny belläp, bu giň möçberli taslamanyň Gahryman Arkadagymyzyň lukmançylyk ulgamyndaky köpýyllyk tejribesine daýanýandygyny nygtady.

Söhbetdeşler howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibiniň meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Milli Liderimiz ýurdumyzyň “ýaşyl” senagat geçişi we howanyň üýtgemegine garşy hereketler ulgamynda Türkmenistan bilen UNIDO-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin “Ýol kartasyny” işläp düzmek we durmuşa geçirmek mümkinçiligine seretmäge taýýardygyny tassyklady.

Gerd Müller ýurdumyzyň başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetini belläp, UNIDO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga strategik taýdan ähmiýetli we uzak möhletli geljege gönükdirilen gatnaşyklar hökmünde garaýandygyny nygtady.

Şeýle hem