Türkmenistanyň Mejlisinde birnäçe kanun taslamalary kabul edildi

11-nji aprelde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on ikinji maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzyň hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe kanun taslamalaryna seredildi hem-de kabul edildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

«Türkmenistanyň Mejlisiniň aýry-aýry saýlaw okruglary boýunça saýlanylan deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararynyň taslamasy deputatlaryň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenen ilkinji taslamalaryň biri boldy.

Soňra deputatlar «Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garadylar.

«Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatda «Migrasiýa hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyna garaldy. Bu kanun taslamasynda daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň bolýan ýerleri boýunça hasaba alynmagy, hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we hasapdan çykarylmagy bilen bagly kadalar döwrebaplaşdyryldy. Bu amallar elektron görnüşde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň maglumatlar ulgamynda ýerine ýetirilýär. Kanunyň kabul edilmegi ýurdumyzda migrasiýa gullugynyň işiniň netijeliligini artdyrar hem-de gullugyň işiniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyny üpjün eder.

Mejlisiň ýedinji çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunlaryň we kararlaryň taslamalary biragyzdan makullanyldy hem-de kabul edildi.

Şeýle hem