Pakistan Yslam Respublikasynyň Lahor söwda-senagat edarasynyň wekilleri iki ýurduň işewürlik jemgyýetleriniň arasyndaky iş ýüzündäki gatnaşyklary giňeltmek we täze mümkinçilikleri öwrenmek maksadynda Türkmenistanyň ilçihanasy bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu hakda olar 7-nji aprelde ýurdumyzyň Yslamabatdaky ilçihanasynda geçirilen duşuşykda aýtdylar.
Duşuşykda pakistan tarapyna dostlukly ýurduň ady agzalan edarasynyň Baş sekretary Şahid Halil ýolbaşçylyk etdi.
Söhbetdeşlikde türkmen tarapy ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler barada giňişleýin maglumat berdi. Şunda bu özgertmeleriň daşary söwdanyň ösmegine we Türkmenistanyň dünýä ykdysadyýetine has işjeň gatnaşmagyna uly itergi berýändigi nygtaldy.
Myhmanlara Türkmenistanyň ägirt uly tebigy gaz gorlary, nebit önümleri, dokma we oba hojalyk harytlarynyň eksporty esasynda ýokarlanýan söwda-eksport mümkinçilikleri barada hem gürrüň berildi. Şonuň ýaly-da, şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän we dünýäniň dürli künjeklerinden ýüzlerçe telekeçileri bir ýere jemlejek halkara işewürlik forumlaryna aýratyn üns berildi.
Taraplar özara bähbitli söwda gatnaşyklarynyň täze ýollaryny tapmaga we iki ýurduň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen bilelikdäki forumlardyr sergilere işewürleriň işjeň gatnaşmaklaryna bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.