“Türkmengaz” we Ýaponiýanyň “Mitsui & Co., Ltd” kompaniýasy nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy maslahatlaşdylar

“Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň hem-de Ýaponiýanyň “Mitsui & Co., Ltd” kompaniýasynyň wekilleri 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde geçirilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşykda nebit-gaz pudagynda mümkin bolan hyzmatdaşlygy ýola goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda “Mitsui & Co., Ltd” ýapon kompaniýasy türkmen tarapyny nebit-gaz pudagynda alyp barýan işleri we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy.

Duşuşykda taraplar kompaniýanyň teklipleri, mümkinçilikleri we bu ugurda hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy boýunça pikir alyşdylar.

Şeýle hem