Gahryman Arkadagymyz Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

7-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada “Türkmenistan: Altyn asyr” elektron gazetinde habar berildi.

Gahryman Arkadagymyz, ilki bilen, Russiýa Federasiýasynyň parlamentiniň ýokarky palatasynyň ýolbaşçysyny doglan güni bilen öz adyndan hem-de hormatly Prezidentimiziň adyndan tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet, syýasy we halkara işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Milli Liderimiz W.Matwiýenkonyň Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, türkmen-rus hyzmatdaşlygyny dürli ugurlar boýunça ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandyny belledi.

Walentina Matwiýenko gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluga, özara hormat goýmak däplerine esaslanýan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň goşandynyň wajyp ähmiýetini nygtady.

Gahryman Arkadagymyz ynsanperwer gatnaşyklaryň türkmen-rus hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmekde ähmiýetini nygtap, ýurtlarymyzyň umumy taryhy mirasyny gorap saklamaga, onuň syýasy-diplomatik, ykdysady we beýleki ugurlarda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge binýat bolup hyzmat etmegine berýän uly ünsi üçin Walentina Matwiýenko minnetdarlygyny beýan etdi.

Milli Liderimiz türkmen we rus dillerini öwrenmek, medeni mirasy gorap saklamak, baýlaşdyrmak, Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň halklarynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny ösdürmek üçin iki ýurduň çäginde hem amatly şertleri döretmek babatda türkmen-rus gatnaşyklarynyň medeni-ynsanperwer gün tertibini mundan beýläk-de bilelikde ilerletmäge taýýardygyny tassyklady.

Gahryman Arkadagymyz pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny beýan etdi.

Şeýle hem