Türkmenistan daşary ýurtlarda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli sport çärelerini geçirdi

Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy 2026-njy ýylyň 3-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanan sport çärelerini geçirdi. Çäräniň çäklerinde küşt, şaşka we stol tennisi boýunça ýaryşlar geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.

Bäsleşigiň çäginde bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmeginiň, şeýle hem ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermei üçin ähli şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada bellenildi.

Ankara şäherinde 2026-njy ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň guramagynda sportuň futbol görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşige gatnaşyjylar sport çäresiniň dowamynda diňe bir ýokary derejeli sport ukyplaryny däl, eýsem toparlyk ruhuny hem görkezdiler. Bäsleşik jemleýji duşuşyk bilen tamamlanyp, oňa gatnaşan tomaşaçylarda täsir galdyrdy.

Mundan başga-da, Bütindünýä saglyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Ukrainadaky ilçihanasy “Saglyk hepdeligini” geçirdi. Bu hepdelik ýaşlaryň we daşary ýurtlardaky watandaşlaryň arasynda işjeň we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge gönükdirilen birnäçe sport-sagaldyş çärelerini öz içine aldy.

 

Şeýle hem