3-nji aprelde Yslamabatda Türkmenistanyň ilçisi Atajan Möwlamow Pakistanyň Türkmenistandaky ilçisi Farial Legari bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi.
Duşuşykda taraplar birnäçe ugurda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar. Syýasy gepleşikleri berkitmäge, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge, bilelikdäki infrastruktura we energetika taslamalaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi.
Taraplar şeýle hem 2026-njy ýylda Türkmenistanda we Pakistanda senagat we oba hojalygy sergilerini guramak arkaly iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar.