Türkmen diplomatynyň Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşygy boldy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Döwletmyrat Seýitmämmedow Tbiliside Gruziýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Aleksandr Hwtisiaşwili bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berdi.

Taraplar duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda syýasy, ykdysady, ulag-energetika ulgamlarynda gatnaşyklary giňeltmegiň meselelerine aýratyn üns berildi. Diplomatlar strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda özara saparlaryň möhüm orna eýedigini nygtadylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyna degişli resminamalara hem garaldy we olary kämilleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Şeýle hem