Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew 3-nji apreldäki Hökümet mejlisinde şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106 göterime deň boldy.
Häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, gowaça ekişini geçirmek boýunça möwsümleýin işler dowam edýär. Welaýatlarda ýazky ekiş möwsüminde, oba hojalyk ekinleriniň ideg işlerinde ulanylýan tehnikalary hem-de gurallary ýokary öndürijilikli işletmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň möçberini artdyrmagy we hilini gowulandyrmagy hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz wise-premýere möwsümleýin oba hojalyk işlerini agrotehniki kadalara laýyklykda işjeň alyp barmagy dowam etdirmegi, maldarçylyk hojalyklarynda owlak-guzy almak boýunça möwsümleýin işleri netijeli geçirmegi tabşyrdy.