Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji aprelde sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň 2026-njy ýylyň ilkinji üç aýynda gazanan durmuş-ykdysady görkezijilerine garaldy. Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa döwletimiziň kanunçylyk ulgamynda ýanwar — mart aýlarynda durmuşa geçirilen özgertmeler hakynda maglumat berdi. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti habar berýär.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli parlamentiň iş toparlary tarapyndan raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, senagat desgalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmäge, maliýe hasabatlylygyny we buhgalterçilik hasaba alnyşyny halkara ülňülere laýyk getirmäge gönükdirilen birnäçe möhüm kanun taslamalarynyň üstünde işlenilýär. Şeýle hem täze resminamalar telekeçiligi goldamak, ekologiýa we suw serişdelerini goramak, gümrük we migrasiýa gulluklarynyň işini kämilleşdirmek ýaly ileri tutulýan ugurlary öz içine alýar.
Parlamentariler şu ýylyň 29-njy martynda geçirilen saýlawlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmäge hem işjeň gatnaşdylar. Mejlisiň wekilleri syýasy partiýalar we jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ilat arasynda düşündiriş işlerini alyp baryp, saýlaw möwsümine usulyýet taýdan ýardam berdiler.
Halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda hem netijeli ädimler ädildi. Hasabat döwründe Çad we Indoneziýa Respublikalarynyň ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen 8 sany ikitaraplaýyn duşuşyk, halkara guramalar bilen bilelikde 26 sany okuw maslahaty geçirildi. Türkmen deputatlary dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen 5 gezek daşary ýurt saparynda boldular.
Aýratyn nygtalmaga mynasyp bolan çäreleriň hatarynda BMG-niň Ilat gaznasy bilen gender deňligi baradaky maslahat, şeýle hem Pakistan we Mongoliýa bilen sanly ulgam arkaly geçirilen parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklary bar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty jemläp, milli kanunçylyk binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup galmalydygyny aýratyn belledi.