Malaýziýa Türkmenistana miwe we gök önümleri özara import we eksport etmegi ýola goýmagy teklip etdi

2-nji aprelde Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi Muhammetnyýaz Maşalow bilen bu ýurduň oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministri Haji Mohamad bin Sabunyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Ilçi türkmen-malaý gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we oba hojalyk pudagynda özara bähbitli gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygy barada belledi.

Bu ugurda Malaýziýada bilelikdäki oba hojalyk kärhanalarynyň döredilmegi, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň höweslendirilmegi, maýadarlaryň oba hojalyk taslamalaryna gatnaşmaklary boýunça döwlet tarapyndan goldaw bermek boýunça görülýän çäreler üçin Malaýziýanyň mümkinçilikleri we bu ugurdaky bilelikdäki hereketleri amala aşyrmagyň ýollary barada gyzyklandy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Malaýziýanyň Oba hojalyk we azyk howpsuzlygy ministrliginiň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň taslamasyny taýýarlamak teklip edildi.

Öz gezeginde, H.M.Sabu Malaýziýa bilen Türkmenistanyň arasynda ýola goýlan oňyn gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli alnyp barylýandygyny nygtady we hojalyk pudagynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Iki ýurduň ter bakja we miwe önümleriniň özara importynyň we eksportynyň ýola goýulmagyny teklip etdi. H.M.Sabu Malaýziýanyň oba hojalyk pudagynda, hususan-da, suwaryş ulgamlarynda hem-de "akylly" ferma taslamalarynda gazanylan tejribeler barada gürrüň berdi.

Şeýle hem ilçi 2026-njy ýylyň 12-14-nji maýy aralygynda Aşgabat şäherinde geçiriljek "Agro Pack Turkmenistan - 2026" atly halkara ýöriteleşdirilen sergisine hem-de "Food Turkmenistan 2026" halkara sergisine malaýziýaly hünärmenleri işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem