Aşgabatda geçirilýän “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly sergide 100-e golaý kärhana öz önümlerini hödürleýär

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda 2-nji aprelde “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy. Sergä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň iri kärhanalarynyň 100-e golaýy öz diwarlyklary bilen gatnaşýar.

Sergä Türkiýe Respublikasyndan köp sanly kompaniýalar gatnaşýar. Şolaryň hatarynda elektrik, yşyklandyryş, kabel, alýumin, santehnika, kauçuk we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary görkezmek bolar.

Hytaý Halk Respublikasyndan onlarça kompaniýa elektrik enjamlaryň, gurluşyk serişdeleriniň eksporty babatda, senagat we gurluşyk gurnamalaryny getirmekde hyzmatlaryny hödürleýär.

Azerbaýjandan, Awstriýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Germaniýadan, Italiýadan, Russiýadan, Özbegistandan gelen wekiller howalandyryş ulgamlary üçin enjamlary, elektrik hereketlendirijileri, panelleri, beýleki senagat önümlerini öndürmek, asfalt öndürýän zawodlaryň gurluşygy, kärhanalaryň we şäherleriň elektrik üpjünçiligi, awtoulag hyzmatlary babatda bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.

Gözden geçirilişiň çäklerinde kärhanalaryň önümleriniň, toplan öňdebaryjy tejribeleriniň, täze taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna giň orun berilýär. Olarda ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri tarapyndan öndürilýän täze önümler tanyşdyrylýar. Şeýle hem degişli ugurlarda daşary ýurtly işewürleriň toplan tejribeleri sergä gatnaşyjylaryň çuňňur gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi serginiň diňe bir özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin däl, eýsem, önümçilik, hyzmatlar ulgamynda bilimleri artdyrmak, täze işewürlik başlangyçlaryny ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän ähmiýetli çäre bolup durýandygyny hem aýdyň görkezýär.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem