Russiýa Demirgazyk ― Günorta halkara ulag geçelgesi bilen baglannyşýan iki sany geljegi uly ulag geçelgesini ösdürmek işlerine gatnaşmagy meýilleşdirýär. Bu barada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulag boýunça işewürlik dialogynyň ikinji mejlisinde «GDA-nyň ykdysady ösüşi boýunça işewürlik merkezi» birleşiginiň baş direktory Wadim Ganin belledi.
Göz öňünde tutulýan iki ulag geçelgesiniň biri Russiýa ― Hazar deňzi ― Türkmenistan ― Özbegistan ― Gyrgyzystan multimodal geçelgesini döretmegi ugur edinýär. Bu ulag geçelgesi başgaça «Günorta ulag geçelgesi» diýlip hem atlandyrylýar.
Özbegistanyň we Türkmenistanyň çäklerinden ýükleri daşamak üçin demir ýol düzümlerini ýa-da ýük awtoulaglaryny ulanyp bolar. Gyrgyz tarapy hem ýükleriň awtoulaglar arkaly daşalmagyny ileri tutulýan ugur hökmünde görýär. Şunda degişli ugur boýunça Gyrgyzystandan konteýner ýükleri ýük awtoulaglarynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna getiriler. Soňra bu ýükler deňiz paromlary arkaly Russiýanyň Astrahan portuna getiriler. Bu portda bolsa dürli ýükleri kabul etmek üçin onlarça terminallar hereket edýär.
Gyrgyz tarapynyň baha bermegine görä, täze ugur boýunça ýükleri daşamagyň ilkinji tapgyrynda gündelik 40-a golaý ýük awtoulagyň iberlmegi üpjün edilip bilner. Bu görkezijini soňlugy bilen günde 150 ― 200 ýük awtoulagyna çenli artdyryp bolar. Ýöne bu görkezijä ýetmek üçin, ilki bilen deňiz arkaly parom gatnawlarynyň ösdürilmegi zerur bolup durýar.
Eger-de döwletara taslamany durmuşa geçirmek tapgyryna geçirilende, Türkmenistanyň deňiz portunyň ýörite ykdysady zolagynda logistika merkezi dörediler. Bu merkezde Gyrgyzystandan ugradylan ýükleri Russiýa ibermek üçin saklanylar. Taraplar bolsa öz gezeginde ýük daşaýjylar üçin yzygidelri gämi gatnawlaryny ýola goýar.
Göz öňünde tutulýan iki ulag geçelgesiniň ikinjisi bolsa Özbegistan tarapyndan baryp-ha 2021-nji ýylda öňe sürlen Transowgan ulag geçelgesidir. Bu ulag geçelgesi durmuşa geçirilende ol Ýewropa Bileleşigini, Belarusy, Russiýany, Özbegistany, Owagnystany, Pakistany, Hindistany we Günorta ― Gündogar Aziýa ýurtlaryny özara baglanyşdyrar. Täze ugur Günorta ulag geçelgesi bilen özara baglanyşykda bolar. Bu ulag geçelgesiniň tehniki-ykdysady binýadyny esaslandyrmak işlerini şu ýylyň iýul aýyna çenli tamamlamak göz öňünde tutulýar.