Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Nökerguly Atagulyýew 2026-njy ýylyň 2-nji aprelinde Baku şäherinde geçirilen Türki döwletleriň guramasyna agza döwletleriň hökümet baştutanlarynyň/wise-prezidentiniň ikinji duşuşygyna gatnaşdy.
Türki döwletleriniň arasynda ykdysady goşulyşmany has-da çuňlaşdyrmak, bilelikdäki infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmek, senagat, oba hojalygy we innowasiýalar ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Türkmenistanyň wise-premýeri öz çykyşynda umumy taryhy-medeni ýakynlyga, däp-dessurlara we özara ynama esaslanýan türki döwletleriniň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň möhümdigini nygtady. Döwletleriň halkara howpsuzlygyny üpjün etmek, durnukly ösüşi ilerletmek we halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmek meselelerinde tagallalary utgaşdyrmagyň ähmiýeti bellenildi. Şeýle hem söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge, maýa goýum hyzmatdaşlygyny we senagat kooperasiýasyny ösdürmäge, şeýle-de ulag-logistika düzümini kämilleşdirmäge, şol sanda Gündogar-Günbatar we Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgelerini, Hazarüsti we Lapis Lazuli ugurlaryny ösdürmäge aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, energetika hyzmatdaşlygynyň strategik ähmiýeti, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we diwersifikasiýalaşdyrylan üpjünçiligini ýola goýmagyň zerurlygy, şeýle hem türki döwletleriniň halklarynyň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga gönükdirilen medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň möhümdigi bellenildi. Türkmenistan görkezilen ugurlaryň ählisi boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.
Duşuşygyň jemleri boýunça köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we Türki döwletleriň guramasynyň çäklerinde bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen degişli çözgütler kabul edildi.