Türkmenistan we Belarus howa gatnawlaryny ösdürmegi maslahatlaşdylar

Aşgabatda 31-nji martda Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew bilen duşuşdy.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda howa gatnawlaryny ösdürmek, şeýle-de umuman ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine seretdiler.

Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar söwda-ykdysady gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçiliklerini we Belarus bilen Türkmenistanyň arasyndaky hökümetara toparyň nobatdaky mejlisini geçirmegiň meselelerini maslahatlaşdylar.

 

Çeşme: Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy

 

 

Şeýle hem