Sankt-Peterburg şäherinde 2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Halkara ulag-logistika forumy öz işine başlady. Çäre 1-3-nji aprel aralygynda «Expoforum» kongres-sergi merkezinde geçirilýär. Foruma Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministriniň orunbasary Sylapberdi Nurberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Foruma gatnaşyjylar halkara ulag geçelgeleriniň infrastrukturasyny, ýük we ýolagçy logistikasyny, syýahatçylygy, sanly hyzmatlary, innowasion çözgütleri ösdürmäge, ulag pudagyny kadalaşdyryjy-hukuk taýdan düzgünleşdirmäge, şeýle hem ählumumy ulag senagatynyň işine we geljegi uly bolan tehnologiýalary ornaşdyrmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Ýurdumyzyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy ulag hyzmatdaşlygy boýunça birnäçe Kararnamany kabul etdi. 2016-njy ýylda Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirdi. Munuň özi ulag babatynda ulgamlaýyn halkara hyzmatdaşlygyň esasyny goýdy.