Türkmenistanyň Prezidenti «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly halkara sergä gatnaşyjylary gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji aprelde Aşgabatda geçirilýän «Hyzmatdaşlyk we ösüş» atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylary çäräniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlady.

“Türkmenistanda ykdysadyýeti innowasion ugurlar boýunça ösdürmäge, durmuş ugurlarynda halkyň abadançylygyny, hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, ähli ugurlara sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmegi üçin ygtybarly binýady döredýär. Munuň özi dünýä ýurtlaryndan gyzyklanma bildirýän taraplar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze mümkinçilikleriň açylmagynda möhüm şert bolup durýar” diýip, döwlet Baştutanymyz belläp geçdi.

“Berkarar döwletimiziň ykdysadyýetini dünýä ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrmakda, täze tehnologiýalary, innowasiýany we ylmyň iň soňky gazananlaryny ornaşdyrmakda halkara hyzmatdaşlygyň ähmiýeti örän uludyr. Hut şonuň üçin-de Türkmenistanda halkara sergiler, ylmy maslahatlar, işewürlik duşuşyklary giň gerimde geçirilýär. Bu bolsa dünýä ýurtlary bilen bu ugurda uzak geljegi nazarlaýan gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär. Bu giň möçberli halkara sergi hem uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplaryň özara bähbitli gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, täze hyzmatdaşlar bilen bilelikdäki hereketleri ýola goýmaga itergi berer” diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz sergä gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadan durmuş, halkara hyzmatdaşlygyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw etdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem