Türkmenistanyň we Mongoliýanyň parlamentara dostluk toparlarynyň ilkinji duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda 30-njy martda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň göni wideoaragatnaşyk arkaly ilkinji duşuşygy geçirildi.

Türkmen tarapy Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdy.

Duşuşykda parlamentara dostluk toparlarynyň kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmagynyň mümkinçilikleri aýratyn bellenildi.

Taraplar kanun çykaryjylyk babatda gönüden-göni tejribe alyşmagyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açýandygyny bellediler. Şunuň bilen birlikde, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmeginiň ähmiýeti barada pikir alşyldy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Halkara habarlar merkezi

Şeýle hem