Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde 31-nji martda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň guramagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda bank ulgamynyň gazanan üstünlikleri we döwrebap mümkinçilikleri» atly sergi hem-de tejribe duşuşygy geçirildi. Onuň maksady bank ulgamyndaky täze hyzmatlar bilen tanyşdyrmakdan, şol sanda bank ulgamynyň halk üçin sanly ulgam arkaly ýerine ýetirýän hyzmatlaryny görkezmekden ybarat boldy.
Bu sergide ýurdumyzyň bank ulgamynda ýetilen sepgitler giňden açylyp görkezildi. Her bankyň aýry-aýry diwarlyklary gurnaldy. Onda banklar myhmanlary öz ilata edýän hyzmatlary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar.
Şeýle hem serginiň çäklerinde milli gymmatlyklarymyz, döwlet banklary tarapyndan maliýeleşdirilmegi esasynda iri önümçilikleriň ýeten derejesine şaýatlyk edýän işler görkezildi.
Duşuşykda ilata berilýän karzlaryň möhletiniň 3 ýyldan 5 ýyla çenli köpeldilendigi, göterim derejesiniň bolsa 12 göterimden 7 göterime çenli peseldilendigi bellenildi.
Çärede täze üstünliklere höweslendirmek maksady bilen, ýokary netijelere eýe bolan bank ulgamynyň ýolbaşçylaryna, işgärlerine, kärendeçilere, olimpiadalarda üstün çykan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.