Wenada Türkmenistanyň möhüm wakalary mynasybetli çäre geçirildi

Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky ilçihanasy «Diplomatic Society Magazine» neşiri bilen bilelikde 2026-njy ýylyň 30-njy martynda bahar baýramlaryna hem-de «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan dabaraly çäre gurady.

Tanyşdyrylyşyň dowamynda ýylyň şygarynyň çuňňur manysyna aýratyn üns berildi. «Ganatly bedewiň» şekiliniň däp-dessurlaryň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň döredijilik kuwwatyny hem-de ýurduň parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny alamatlandyrýandygy bellenildi.

Gatnaşyjylar Türkmenistanyň baý medeniýetini açyp görkezýän sergi bilen tanyşdylar. Sergide ahalteke bedewleri we türkmen alabaýlary baradaky kitaplar, haly sungatynyň nusgalary hem-de milli lybaslar görkezildi.

Myhmanlara türkmen aşhanasynyň tagamlary hödürlenildi, dutarda ýerine ýetirilen halk sazlary bolsa dabaranyň baýramçylyk mazmunyny has-da baýlaşdyrdy.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem