Türkmenistan bilen Gruziýanyň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny giňeltmek maslahatlaşyldy

Türkmenistan we Gruziýa söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler. Bu baradaky meselä türkmen wekiliýetiniň Tbilisä resmi saparynyň çäklerinde, 30-njy martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew bilen Gruziýanyň ykdysadyýet we durnukly ösüş ministri hanym Mariam Kwriwişwiliniň arasynda geçirilen duşuşykda garaldy.

Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we geljegi uly mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, özara maýa goýumlary höweslendirmek, şeýle hem ileri tutulýan ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berdiler.

Taraplar energetika, ulag, sanly ykdysadyýet we innowasiýalar ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine gyzyklanma bildirip, Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewürler toparynyň arasynda göni aragatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly şertleri döretmegiň ähmiýetini bellediler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň orny barada hem aýratyn durlup geçildi.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem çuňlaşdyrmaga we netijeli gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny beýan etdiler.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem