Türkmenistan Astanada geçiriljek Araly halas etmek boýunça mejlise gatnaşar

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ýagny Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň Liderleri Araly halas etmek boýunça halkara gaznany (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin 22-nji aprelde Astana şäherine bararlar.

Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow Astanada Türkmenistanyň wise-premýeri Taňryguly Atahallyýewyň we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçiren duşuşygynda AHHG-ny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň geçiriljek senesini mälim etdi.

Taraplar suw hojalygy ulgamy boýunça sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini, gaznanyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerini we öňde boljak sammite taýýarlyk işlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň dowamynda suw hasabynyň sanlylaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi we gatnaşyjylar Syrderýa, Amyderýa ýaly derýalaryň basseýnlerinde suw serişdelerini gözegçilikde saklamak hem-de paýlamak üçin bitewi awtomatlaşdyrylan ulgamy ornaşdyrmak barada ylalaşdylar.

Şeýle hem duşuşygyň çäklerinde gaznanyň institutlarynyň arasynda utgaşdyrylyşy gowulandyrmak we kabul edilen çözgütleriň has netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen AHHG-nyň guramaçylyk gurluşyny we hukuk binýadyny kämilleşdirmek meselelerine garaldy.

 

Çeşme: Gazagystanyň Hökümetiniň resmi metbugat gullugy

 

Şeýle hem