Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýada resmi saparda bolýar

Wise-premýer Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Gruziýa resmi sapary amala aşyrýar. Saparyň çäklerinde, 30-njy martda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze bilen duşuşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly döwletiň ýolbaşçylaryna mähirli salamlary, iň gowy arzuwlary ýetirildi.

Taraplar iki ýurduň arasyndaky dostlukly we netijeli hyzmatdaşlygyň depginli ösýändigini kanagatlanma bilen belläp, onuň köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, BMG-niň çäginde hem üstünlikli alnyp barylýandygyny nygtadylar. Söwda-ykdysady, ulag-energetika we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar dürli derejelerdäki gatnaşyklary dowamly alyp barmak, şeýle hem gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça ähli tagallalary etjekdiklerini tassykladylar.

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem