Türkmenistanda kazyýet ulgamyny we önümçiligini kämilleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Arbitraž kazyýetiniň wekilleriniň, welaýat, etrap we şäher kazyýetleriniň kazylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň kazylarynyň VIII maslahaty geçirildi. Onuň gün tertibine degişli düzümleriň öňünde durýan möhüm wezipeler girizildi.

“Türkmenistanyň kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasynyň ýerine ýetirilişini seljermek maslahatda garalan esasy meseleleriň biri boldy. Bu resminamada bellenilen işleri üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, kazyýet işiniň ýörelgeleri kämilleşdirilip, adyl kazyýetliligiň açyklyk we aýdyňlyk derejesi, kabul edilýän kazyýet çözgütleriniň milli kanunçylyga, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklygy üpjün edilýär.

Maslahatyň dowamynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iň göreldeli kazyýeti” atly bäsleşigiň jemleri yglan edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň kazyýetleriniň arasynda “Iň göreldeli kazyýet” we birinji basgançakly kazyýetleriň kazylarynyň arasynda “Iň göreldeli kazy” atly bäsleşikleri yglan etmek meselesine seredildi.

Maslahatyň gün tertibine kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmegiň esasy ugurlaryna degişli meseleler hem girizildi. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, degişli hukuk resminamalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalary girizmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Maslahata gatnaşyjylar kazyýetleriň kazylarynyň we işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak meselesine hem seretdiler. 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamasyny ýerine ýetirmek bilen bagly wezipeler, Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň täze beýany ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň hatarynda boldy.

Maslahatyň jemleri boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem