Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň halkyny Halkara Nowruz güni bilen gutlady.
“Belarus Respublikasy bu baýramyň özara hormat goýmak, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýerip, Türkmenistan bilen dostlukly gatnaşyklary yzygiderli pugtalandyrýar. Döwletara dialogyň, hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň ýurtlarymyzyň halklarynyň bähbitlerine mundan beýläk-de hyzmat etjekdigine hem-de Ýewraziýada durnuklylygyň üpjün edilmegine goşant goşjakdygyna ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, güýç-kuwwat, jogapkärli işiňizde üstünlikleri, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin” diýip, Belarus Respublikasynyň Prezidenti öz hatynda ýazdy.