Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Bedimuhamedow 16-njy martda ýurdumyzyň ilatynyň Oraza we Milli bahar baýramlaryny dabaraly belläp geçmegi, oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, karar etdi:
1. Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2026-njy ýylyň 20-nji martynda bellemeli.
2. 2026-njy ýylyň 22-nji martyndaky dynç gününi 23-nji marta — duşenbe gününe geçirmeli.
3. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Şeýlelikde, 20, 21, 22 we 23-nji mart iş güni däl diýilip yglan edildi.