Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 16-njy martda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryň häkimleri welaýatlardaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň çäklerinde bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekişine guramaçylykly girişmek we bu jogapkärli möwsümi ýokary derejede geçirmek üçin zerur taýýarlyk işleri dowam edýär. Welaýatlaryň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda möwsümleýin işler agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär. Ýazky bag ekiş möwsümini, ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk geçirmek üçin baglaryň ekiljek ýerlerini, nahallaryny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de häkimler Milli bahar baýramy mynasybetli welaýatlarda geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdiler.
Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda üpjün etmek üçin ähli çäreleri görmegi, oba hojalyk tehnikalaryny ýazky ekiş möwsümine doly taýýar etmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işlerini agrotehniki möhletlerde geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gowy taýýarlyk görüp, bu çäräni ýokary derejede geçirmek babatda tabşyryklary berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Milli bahar baýramy bolan Nowruz baýramynyň ýetip gelýändigine ünsi çekip, welaýatlarda baýramçylyk mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.