Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Merkezi Aziýa we Kawkaz sebitinde Howpsuzlygy üpjün etmek boýunça Taslamanyň (CCASP) çäklerinde geçirilen jemleýji sebitleýin okuw çäresine gatnaşdy. Çäre Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirildi.
Ýaponiýanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Bütindünýä Gümrük Guramasy tarapyndan guralan bu taslama ok-därili ýaraglaryň we ýeňil ýaraglaryň (SALW), şeýle hem uçarmansyz uçýan enjamlaryň (PUA) bikanun serhetüsti geçirilmegine garşy göreş meselelerine bagyşlandy.
Üç günlük okuwyň dowamynda sebitdäki ýurtlaryň gümrük edaralarynyň wekilleri geçirilen okuw çäreleriniň netijelerini jemlediler, milli tejribeleri paýlaşdylar hem-de Ýaponiýanyň gümrük gullugy tarapyndan ulanylýan serhet we gümrük gözegçiliginiň öňdebaryjy usullary bilen tanyşdylar.
Türkmenistanyň wekiliýeti hem öz çykyşynda milli gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Hususan-da, töwekgelçilikleri awtomatlaşdyrylan tertipde seljermäge mümkinçilik berýän we gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmaga hem-de gümrük resmileşdiriş amallaryny çaltlandyrmaga ýardam edýän Gözegçilik-seljeriş merkeziniň işi aýratyn nygtaldy.