Pekinde Türkmen-hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy

Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde şu ýylyň 28-30-njy aprelinde Aşgabatda geçiriljek Türkmen-hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy boldy. 13-nji martda geçirilen bu çäre Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň goldaw bermeginde Daşary ýurtlarda telekeçiligi ösdürmek boýunça hytaý assosiasiýasy tarapyndan guraldy.

Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Parahat Durdyýew çärede çykyş edip, ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Ol Türkmenistanda makroykdysady görkezijileriň durnuklylygy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar üçin döredilen ýeňillikler barada aýratyn belledi.

Çärede Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri çig maly gaýtadan işlemek we eksport etmek, ulag-logistika, şeýle hem Hytaýyň Türkmenistanyň üsti bilen geçýän üstaşyr geçelgelere goşulyşmagy ýaly esasy pudaklarda anyk mysallary beýan edip, ileri tutulýan taslamalary hödürlediler.

Çäräniň ahyrynda hytaýly telekeçileriň türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik beren göni gepleşikler sessiýasy geçirildi.

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem