21-nji martda Türkmenistanda ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara 13-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde gol çekdi.
Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem Türkmenistanda 2026-njy ýylda bag ekmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen kabul edildi.