Türkmenistanyň Prezidenti halkymyzyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik däplerine eýerip, mukaddes Oraza aýy hem-de Gadyr gijesi mynasybetli Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, goňşy Eýran Yslam Respublikasynyň halkyna, aýratyn hem, çagalaryna derman serişdelerinden, saglygy goraýyş maksatly önümlerden we beýleki harytlardan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüki ugradylar.
Bu haýyr-sahawat çäresi Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan amala aşyrylýar. Bu asylly başlangyç türkmen halkynyň kyn pursatlarda dostlukly halklara kömek elini uzatmak ýaly asyrlarboýy kemala gelen medeni we ruhy ýörelgeleriniň dowamatydyr.
Guralýan nobatdaky ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatynyň nobatdaky dabaralanmasydyr.