«Türkmendemirýollary» agentligi tarapyndan «Demirgazyk-Günorta» we «Gündogar-Günbatar» ugurlary boýunça täze üstaşyr geçelgeleriniň täze ugurlarynyň döredilmegini ýola goýuldy we Owganystan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe “Lapis Lazuli” we Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman üstaşyr-ulag geçelgeleri boýunça täze ýük gatnawlary we Hytaý-Täjigistan – Özbegistan – Türkmenistan – Eýran - Türkiýe ugry boýunça konteýner gatnawlary döretmek baradaky öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Muňa mysal edip, “Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan-Türkmenistan-Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe-Ýewropa” halkara multimodal ulag geçelgesini has oňaýly şertleri döretmek barada geçirilen duşuşyklaryň netijesinde Özbegistan-Azerbaýjan -Gruziýa, Russiýa – Gazagystan – Türkmenistan - Eýran ugurlaryndan 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 6 sany konteýner otlusy Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirildi.
Şeýle-de, Türkmenistanyň çäginden jemi 919 sany konteýner ýük daşamalary amala aşyryldy, şol sanda: üstaşyr 345, eksport 317 we import 257 sany, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 448 konteýnere ösüş gazanyldy, şol sanda üstaşyr daşamalaryň sany 54, eksport 286 we import 108 sany.
Çeşme: https://railway.gov.tm/ru/news/