Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşigi hyzmatdaşlygy ýola goýmagy meýilleşdirýärler

Tokioda 12-nji martda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramowyň Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşiginiň we Tokio atçylyk toplumynyň ýolbaşçylary Ito Hiroşi hem-de Ýoşikazu Masuda bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýapon tarapy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurtda we daşary ýurtlarda geçirilýän giň gerimli çäreler, şeýle hem ýurduň atçylyk ulgamyndaky syýasaty bilen tanyşdyryldy. Şeýle hem Ýaponiýanyň atçylyk sport birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soň gatnaşyjylar Tokio atçylyk toplumynyň çäginde ýerleşýän ahalteke bedewiniň heýkeliniň ýanyna baryp gördüler.

 

Çeşme: Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi

Şeýle hem