Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow 12-nji martda Awstraliýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) Jon Wilýam Giring bilen duşuşdy. Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Awstraliýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Hususan-da, duşuşygyň barşynda syýasy-diplomatik dialogy berkitmek, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn üns berildi. Söhbetdeşler halkara we sebit gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar. Şunda Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaý barada durlup geçilip, sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin tagallalary birleşdirmegiň ähmiýeti nygtaldy.
Ilçi Jon Wilýam Giring Eýrandan gelýän Awstraliýanyň raýatlarynyň üstaşyr geçmegine beren goldawy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň we Awstraliýanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gönükdirilen konstruktiw dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.