29 — 31-nji ýanwar aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde «Sanly bilim – 2024» boýunça Bütindünýä maslahaty geçirildi. Oňa 70 ýurtdan 800-den gowrak myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň wekiliýeti hem-de 20-den gowrak daşary ýurtly bilim ulgamynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.
Sanly bilim boýunça Bütindünýä maslahatynyň guramaçylarynyň esasy maksady, ösen tehnologiýalary ulanyp, bilimi täze derejä çykarmakdan ybaratdyr diýlip bellenip geçildi.
Sanly bilimi halkara derejesinde özgertmek, ilki bilen, deňhukukly we ýokary hilli bilim ulgamyyň ösmegini kepillendirýär. Şeýlelik bilen, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmegine goşant goşýar.
Maslahata gatnaşanlar, ilki bilen, Hytaýyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge we Hytaý Halk Respublikasy bilen özara gatnaşyklary ösdürmäge möhüm ähmiýet berýändigini aýtdylar.
Maslahatyň dowamynda Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti dünýäde sanly bilimiň ösüş derejesi babatda we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin dürli ugurly hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary has ýokary derejä çykarmagyň wajypdygyny bellediler.
Maslahatyň çäginde Bütindünýä sanly bilim bileleşigi resmi taýdan öz işine başlady. Birleşigiň kesgitlenen maksady hyzmatdaşlygy ösdürmek we ýurtlaryň arasynda sanly bilim ulgamynda öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerini birleşdirmekden ybarat boldy. Şeýle hem emeli aň ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahata gatnaşyjylar Hytaýyň sanly bilim pudagynyň beýleki ýurtlardan gelen wekilleriň öňdebaryjy tejribesini işjeň öwrenmek bilen, sanly bilim jemgyýetini gurmaga goşant goşmak üçin täze tejribeleri durmuşa geçirjekdigini aýtdylar.
Çeşme: https://www.mincom.gov.tm/ru/news/