Lissabon şäherindäki Respublika Assambleýasynyň binasynda 9-njy martda Portugaliýa Respublikasynyň täze saýlanan Prezidenti Antoniu Žoze Seguronyň wezipesine girişmegi mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Olara Türkmenistanyň Portugaliýa Respublikasyndaky (oturýan ýeri Pariž şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Çaryýew hem gatnaşdy.
Türkmen diplomaty şol günüň ikinji ýarymynda Ažuda Milli köşgünde geçirilen resmi kabul edişlige gatnaşdy we onuň dowamynda täze döwlet Baştutany hem-de Portugaliýanyň daşary işler ministri bilen duşuşmak mümkinçiligine eýe boldy. Gysga wagtlyk söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Antoniu Žoze Segurony Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi bilen gutlap, ýokary döwlet wezipesine girişmegi mynasybetli oňa iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Portugaliýanyň Prezidenti gutlag sözlerini hoşallyk bilen kabul edip, geljekde Türkmenistana sapary amala aşyrmaga gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.