Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ulag-kommunikasiýa toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 114,3 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini 101,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 103,2 göterime barabar boldy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagyň, Türkmenistanyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň we ýükleri daşamagyň möçberini artdyrmak boýunça işleri alyp barmagyň möhümdigini nygtady. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz wise-premýere aragatnaşyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça işleri yzygiderli dowam etdirmegi tabşyrdy.