6-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan baýramçylyklar, belli seneler mynasybetli dürli medeni çäreler hem-de dabaralar geçirildi. Kinoteatrlarda, kinokonsert merkezlerinde kino görkezilişleri, konsertler geçirilip, kitaphanalarda, muzeýlerde, taryhy-medeni ýadygärlikler toplumlarynda medeni hyzmatlar hödürlenildi.
“Bedew bady: güýç hem gözellik” atly Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň döwletara telewizion filmleriniň bäsleşigi yglan edildi. Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky medeniýet ojaklarynda Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan birnäçe çäreler we dabaralar, şol sanda Garaşsyzlyk ýyllarynda surata düşürilen filmleriň hepdeligi geçirildi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýakyndan ýardam bermeginde surata düşürilen “Kompozitor” atly filmiň Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) iki sany ýörite baýragyna mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, paýtagtymyzda dabaraly maslahat geçirildi. Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň we Hytaýyň sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda “Ýüpek ýoly karnawaly — Bahar baýramy festiwaly” atly bilelikdäki medeni çäre geçirildi. Italiýanyň Rim şäherinde “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary” atly arheologik sergi öz işini dowam etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrebap alyp barmak boýunça zerur çäreleri dowam etdirmegiň, kitaphanalarda, muzeýlerde we beýleki medeni ojaklarda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni ýadygärliklerimizi aýawly saklamak, öwrenmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi, göz öňünde tutulan medeni çäreleri ýokary derejede geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.