Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Brýusselde Ýewropa Parlamentiniň Merkezi Aziýa we Mongoliýa bilen gatnaşyklar boýunça wekiliýetiniň gatnaşmagynda Ýewropa Parlamentiniň agzalary üçin brifing geçirdi.
Brifingiň dowamynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň we döwrebaplaşdyrmagyň zerurdygy nygtaldy.
Şeýle hem taraplar ýokary derejedäki yzygiderli aragatnaşyklaryň we edaralaryň arasyndaky yzygiderli hyzmatdaşlygyň möhümdigine aýratyn üns çekdiler.
Mundan başga-da, türkmen ilçisi 5-nji martda Brýusselde Türkmenistanyň Mejlisiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçiriljek parlamentara dialog barada habar berdi. Duşuşygyň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlykdan we ulag baglanyşygynyň ösdürilmeginden başlap, ynsanperwer ugur we parlament gatnaşyklarynyň ösdürilmegine çenli hyzmatdaşlygyň häzirki zaman meseleleriniň giň toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy meýilleşdirilýär.
Sapar Palwanow Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ykdysadyýet, howanyň üýtgemegi boýunça gün tertibi, durnukly ösüş we ynsanperwer dialog ugurlarynda hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny belläp, ählumumy kynçylykly şertlerde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigini nygtady.
Çeşme: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy