Aşgabatda “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli “Ene hüwdüsi — iň kämil eser” atly dabaraly maslahat geçirildi. Ony Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisi, Medeniýet ministrligi, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariaty, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi bilelikde guradylar. Maslahatda häzirki döwürde gelin-gyzlaryň el hünäriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi baradaky çykyşlar diňlenildi.

Aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşykly dowam eden dabara artistleriň gatnaşmagynda taýýarlanan edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Onda ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlarynda alyp barýan işleri, el hünäriniň nesilden-nesle geçirilmegi, edep-terbiýäniň, maşgala gymmatlyklarynyň ähmiýeti bilen baglanyşykly çykyşlar öz beýanyny tapdy.

Dabaraly maslahatyň dowamynda çykyş edenler Diýarymyzda zenanlara goýulýan sarpanyň, olaryň el hünäriniň ähmiýeti, eneleriň nesil terbiýesine örän jogapkärçilikli, halkymyzyň döreden ýagşy dessurlaryna laýyklykda çemeleşýändikleri barada durup geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyzyň gelin-gyzlarynyň alyp barýan işlerine, çeper döredijiligine goýulýan sarpanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülendigini nygtadylar.

Dabaraly maslahatyň dowamynda ýaňlanan aýdym-sazlarda ýurdumyzda zenan mertebesine belent hormat goýulýandygy, olaryň çagalary milli ruhda terbiýelemekde eýeleýän orny baradaky hakykat öz beýanyny tapdy.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi

Şeýle hem