Türkmenistanyň Prezidenti welaýatlar we oba hojalyk toplumy boýunça iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 2-nji martda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimleri welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň bugdaý ekilen meýdanlarynda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şu ýylyň pagta hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş we geriş çekmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekişini bellenen möhletlerde tamamlamak babatda zerur çäreler görülýär.

Mundan başga-da, häkimler Halkara zenanlar güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda meýilleşdirilen işleriň barşy barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetine ýene bir gezek ünsi çekdi we welaýatlaryň gowaça ekiljek ýerlerinde tekizlemek, çil we geriş çekmek, pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy bilen öz wagtynda, ýeterlik möçberde üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg etmek, goşmaça dökünleri bermek işini agrotehniki möhletlerde geçirmegi, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwunyň tutulyşyna aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Halkara zenanlar güni bolan 8-nji mart baýramy mynasybetli welaýatlarda meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.

 

Çeşme: "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron gazeti

Şeýle hem